Saud Arabystany ähli koronawirus çäklendirmeleri ýatyrýar

Saud Arabystany ähli koronawirus çäklendirmeleri ýatyrýar

Saud Arabystanynyň hökümeti ýurduň içinde koronawirus pandemiýasy bilen bagly girizilen ähli çäklendirmeleri ýatyrýandygyny mälim etdi. Bu barada düýn ýurduň Içeri işler ministrligine esaslanyp, SPA habarlar gullugy habar berdi diýip, TASS ýazýar.

Indi Mekgedäki Uly metjitden we Medinedäki Muhammet pygamberiň metjidinden beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtügini dakynmak hökman däl. Köpçülikleýin çärelere barlanda, awiauçuşlarda we jemgyýetçilik ulaglarynda ýolagçylar üçin sanjym alnandygy barada güwänamany görkezmek ýa-da ýokanç barlagyndan geçmek gerek bolmaz diýip, Trend ýazýar.

Ýene degişli makalalar

ÝOKARY DEREJELI HALKARA FORUM DÜNÝÄ METBUGATYNYŇ SAHYPALARYNDA
Aşgabat — ählumumy dialogyň merkezi: Ýokary derejeli halkara forum dünýä metbugatynyň sahypalarynda
Prezident Erdoganyň Saud Arabystanyna Sapary Metbugatda Giň Seslenme Döretdi
Bild: GFR-iň öňki Kansleri Merkel ýatlamalar kitabynyň galam hakyndan millioner boldy
Russiýanyň demir ýollary (RŽD) Türkmenistanda bilelikdäki kärhanany döretmegi meýilleşdirýär
Şweýsariýanyň Hökümeti berk bitaraplykdan ýüz öwürmekçi
Russiýada mugt magistratura okamaga mümkinçilik berýän halkara olimpiada yglan edildi