Saud Arabystany, Arap-Yslam sammitine Ýer Eýeçiligini Eder

Saud Arabystany, Arap-Yslam sammitine Ýer Eýeçiligini Eder

Saud Arabystany, Arap Ligasynyň we Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň liderler derejesindäki maslahatynyň şu gün Riýatda geçiriljekdigini habar berdi.

Saud Arabystanynyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, nobatdan daşary ýagdaýda geçiriljek Arap Ligasynyň we Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň liderler derejesindäki maslahatynyň Arap-Yslam sammiti hökmünde geçirilmegi barada kararyň kabul edilendigini mälim etdi.

Gazada we Palestinada başdan geçirilýän ozal deňi taýy görülmedik wakalara garşy Arap we Yslam ýurtlarynyň berk tutum alyp barmagy maksady bilen şeýle kararyň kabul edilendigi nygtaldy.

Palestina bilen Saud Arabystany, birnäçe gün ozal Gaza meselesinde liderler derejesinde Arap ligasynyň maslahatynyň geçirilmegi üçin çagyryş beripdi.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan, Palestinanyň Premýer-ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 34 müň 596 adama ýetdi
Gazada Ýogalanlaryň Sany 33 Müň 899 Adama Ýetdi
TRT 23-nji aprel Çagalar festiwaly giňden belenilip geçilýär
Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalýan palestinalylaryň sany artmaga dowam edýär
Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy hüjümleri dowam edýär
Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalýan palestinalylaryň sany artmaga dowam edýär