Saud Arabystany patyşalygy COVID-19 sanjymy üçin 500 million dollardan gowrak walýuta serişdesini bölüp berdi

Saud Arabystany patyşalygy COVID-19 sanjymy üçin 500 million dollardan gowrak walýuta serişdesini bölüp berdi

Saud Arabystany patyşalygynyň Saglygy goraýyş ministri Tewfik er-Rabia G20 sammitinden öň çykyş edip, öz ýurdunyň täze görnüşli koronawirusa garşy göreşmeklik ugrundaky tagallalary barada maglumat berdi.

Rabia öz beýanynda: Saud Arabystany patyşalygynda COVID-19 ýokanç keseline garşy sanjym döretmeklik baradaky halkara tagallalaryny goldamaklyk maksady bilen 500 million dollardan gowrak walýuta serişdesini bölüp berdik. diýdi.

Bu barada patyşa Salman gaznasynyň başlygy Abdullah er-Rabiada çykyş etdi. Ol COVID-19 ýokanç keseline garşy işlenip düzülen sanjymy alan ilkinji ýurtlaryň arasynda Saud Arabystanynyň hem boljakdygyny bellemeklik bilen:

Saud Arabystany patyşalygy iň oňat sanjym hünärmenleri bilen komitetler döretdi. Biziň döwletimiz sanjymy ilkinji alan ýurtlaryň hataryna girer. Saud Arabystany patyşalygy iň howpsuz we täsirli sanjymy saýlap alar. diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

Abdulhamit Süleýman Çolpan
Yrakda PKK bilen arabaglanşykly partiýalar gadagan edildi
Transfer habarlary
FIFA 2018 Dünýä çempionatyna tarap AFRIKANYŇ ILKINJI WEKILI
Ekskawatoryň taryhyndan