Saud Arabystanynda iň gymmat nakgaşlyk eseri üçin galereýa gurlar

Saud Arabystanynda iň gymmat nakgaşlyk eseri üçin galereýa gurlar

Nusgawy nakgaş Leonardo da Winçiniň eseri hasaplanýan Dünýäniň halasgäri üçin Saud Arabystanynda aýratyn surat galereýasy gurlar diýip, The Times britan neşirine salgylanyp, MIR 24 habar berdi.

Sungaty öwreniji Martin Kemp neşire beren beýanatynda golaýda Saudyň mirasdüşer şazadasy Muhammed bin Salman Al Saudyň çakylygy boýunça ady tutulan sungat eserini ara alyp maslahatlaşmak üçin Patyşalyga barandygyny gürrüň berdi. Sungaty öwreniji eseriň ýene iki ýyldan gurlup taýýar ediljek galereýada goýuljakdygyny sözüniň üstüne goşdy.

Habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, Dünýäniň halasgäri nakgaşlyk eserini Saud Arabystanyň tagt mirasdüşeri satyn alyp, özüniň ýeňilgämisinde ýerleşdiripdir. Öň suraty sergilemek meselesi birnäçe muzeýler tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylypdyr, emma olar polotnony Galkynyş döwrüniň ussat nakgaşynyň eseri hökmünde görkezmek barada anyk karara gelip bilmändirler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Özbegistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşar
MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIGI — DÜNÝÄ MEDENIÝETINIŇ GYMMATLY MIRASY
Paýhaslar
Çägeden heýkel ýasamak festiwaly geçirilýär
Merlin Monronyň portreti XX asyryň iň gymmat sungat eseri boldy
Awtosyn gepleşigiň ilkinji sany tomaşaçylara ýetirildi, Türkmenistan öz raýatlaryny Belorussiýadan alyp gaýdar, Aşgabatda çagalar gününe bagyşlanan multfilm şüweleňi geçiriler
Eseri sergä goýuldy