Saýlawlar 404. Synçylar Türkmenistanyň prezidentlik saýlawlarynda raýat işjeňliginiň pesdigini belleýärler

Saýlawlar 404. Synçylar Türkmenistanyň prezidentlik saýlawlarynda raýat işjeňliginiň pesdigini belleýärler

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň (MSK) maglumatlaryna görä, ýerli wagt bilen sagat 13-e çenli saýlawçylaryň 71,9 göterimi ses berdiler.

Emma, ”Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary raýat işjeňliginiň pesdigini aýdýarlar.

Günortana çenli iki saýlaw merkezinde ses beren raýatlaryň gürrüň bermeklerine laýyklykda, býuliten almazdan owal hasaba alynan saýlawçylaryň sanawyndaky adyň garşysyna gol goýmaly. Raýatlar 4 gatly jaýda ýaşaýan bolsalar, onda sanawda kwartallara bölünen ýa-da eger olar dört gatdan beýik jaýlarda ýaşaýan bolsalar, onda aýratyn jaýlar boýunça bölünipdirler.

A4 ululygyndaky sahypada 50-60 adamyň özüniň hem kakasynyň ady goýlupdyr we saýlaw wekili şol sahypalardan seni tapýança,ençeme adamyň goluny goýandyklaryny we ses berendiklerini görse bolýar. Olaryň sany her sahypada 4-den 7 adama deň, ýagny, 10 göterime golaý.

Şeýlede bir saýlaw merkezine baran raýat öz adyny sanawdan tapmady, hatda, saýlawlardan öňünçä geçirilen hasaba alynyşykda onuň öýüne gelipdirler.

Hatda,saýlaw merkezlerinde ses berlişikleriň derejesine hökümet mejlisinde habar berilişi ýaly, onlaýn-berilişikler boýunça baha bermek mümkindi.

Emma, çelgisi boýunça sahypany strimden açmaga synanyşanyňda, saýt “404 Tapylmady” jogabyny berýär.Belki-de, bu berilişikler hem Migrasiýa gullugynyň onlaýn hyzmatlary ýaly diňe ýurdyň içindäkilere elýeterli.

“TH-niň” jurnalistleriniň şaýat bolmaklaryna görä, esasan, döwlet edaralarynyň we guramalarynyň işgärleri ses berýärler.

Kada boýunça bu topardaky raýatlaryň ses bermeklerine başlyklary mejbur edýärler.

Hususy guramalaryň işgärleri, pensiýonerler we işsizler saýlaw merkezlerine gitmeýärler. Olar munuň netijeleri öňünden belli bolan saýlawlaryň manysyz saýlawlardygy bilen düşündirýärler.

Lebap welaýatynyň obalarynda owallar saýlaw merkezlerini oba hojalyk birleşiklerinde gurnapdylar. Emma, bu gezek olary mekdeplerde gurnadylar. Her birleşikde 5-den 8-e çenli oba bar. Ýöne, her obada mekdep ýok. Her bir oba hojalyk birleşiginde 4-6 mekdep bar.

Näbelli sebäplere görä, saýlawçylaryň sanawyny şeýle düzüpdirler: mekdep şol sanda, saýlaw merkezi bolan obalaryň ilatynyň bir bölegi beýleki obadaky mekdepde ses bermeli, ol ýerä çenli özüň gitmeli.

Hatda, ulag we aragatnaşykalr baradaky edaranyň başlygy Mämmethan Çakyýew ýolagçylaryň uly akymynyň boljakdygy üçin şäherleriň we welaýatlaryň ilatyny ulag bilen üpjün etmegi söz beripdi.

Türk mediasynyň Türkmenistanyň MSK-na salgylanyp beren maglumatlaryna görä, ýurtda hasaba alynan 3 milýon 435 müň 950 saýlawçy bar. Deslapky habarlara laýyklykda, ilatyň 97,12 göterimi ses berlişige gatnaşypdyrlar.

Saýlaw merkezleri ýerli wagt bilen sagat 19.00-da ýapyldy.

Bu saýlawlarda dokuz sany dalaşgär bäsleşse-de, onda häzirki wise premýer, wagtlaýyn prezidentiň ogly, 40 ýaşly Serdar Berdimuhamedowyň ýeňiş gazanmagyna garaşylýar.The post Saýlawlar 404.

Synçylar Türkmenistanyň prezidentlik saýlawlarynda raýat işjeňliginiň pesdigini belleýärler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Päk Nesil okuw merkezi tomus möwsüminde arzanladyş hödürleýär
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşyk geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşyk geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşyk geçirdi
Gökdepe şäherinde tupan zerarly bir adam heläk boldy
Aşgabadyň ýaşaýjylary köpçülikleýin toý-tomaşa çärelerine gadaganlykdan para bilen sowa geçmäge synanyşýarlar. Emma, bu mydama başartmaýar