Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekilleri Belarusda geçirilen saýlawlara synçy bolup gatnaşdylar

Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekilleri Belarusda geçirilen saýlawlara synçy bolup gatnaşdylar

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekilleri 2024-nji ýylyň 25-nji fewralynda geçirilen Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň wekilçilikli palatasynyň deputatlarynyň saýlawlaryna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletlerden düzülen halkara synçylar wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistan döwletinden halkara synçy bolup gatnaşdylar. Bu barada Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň resmi saýtynda habar berildi.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri 24-nji, 25-nji fewralda Belarus Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy I.W.Karpenkonyň geçiren metbugat maslahatlaryna gatnaşdylar. Şeýle-de, 25-nji fewralda ses bermek tamamlanandan soňra, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary S.N.Lebedewiň GDA gatnaşyjy döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen geçiren geňeşine-de gatnaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletlerden düzülen halkara synçylar wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň, şeýle-de Azerbaýjan, Ermenistan, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyz Respublikalarynyň, Russiýa Federasiýasynyň, GDA-nyň Parlamentara Gatnaşyklary Assambleýasynyň, Russiýa we Belarus Bileleşiginiň Parlament Ýygnagynyň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekillerinden ybarat bolan 50 adam saýlawlara gatnaşdy.

Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri Belarus Respublikasynyň saýlaw ulgamynyň işi, saýlawlar hakyndaky kanunçylygy bilen tanyşdylar we saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişine syn etdiler.

Saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek işlerini Belarus Respublikasynyň Merkezi saýlaw topary, welaýatlaryň (oblastlaryň) we Minsk şäheriniň ýerli saýlaw toparlary, okrug saýlaw toparlarynyň 110-sy we uçastok saýlaw toparlarynyň 5411-si amala aşyrdy diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Hindistanda şu gün Parlament saýlawlary başlanýar
Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-i BMG-niň ýörite edaralary bilen resminamalar toplumyna gol çekdi
Indoneziýada Prezident saýlawlary geçýär
Finlýandiýanyň täze Prezidenti saýlandy
Adalat we ösüş partiýasynyň saýlawa taýarlyk çäresinde guralan hüjüme reaksiýa bildirilýär