Şazada Garri we Megan Markl şa aýalynyň teklibinden ýüz öwürdi

Şazada Garri we Megan Markl şa aýalynyň teklibinden ýüz öwürdi

Britan tagtynyň agzalygyndan ýüz öwrüp, ABŞ-da ýaşap ýören şazada Garri we onuň maşgalasy Megan Markli öňde duran Täze ýyl baýramy bilen mynasybetli Beýik Britaniýa dolanyp barmak islemeýärler. Bu barada ýurduň PageSix neşiri ýazýar.

Habara görä, gersog we gersoginýa Sassekskilere korol maşgalasynyň Sandringem köşgünde Roždestwo baýramynyň şanyna geçiriljek dabara gatnaşmaga çakylyk ýollanypdyr, emma olar baýramçylyga baryp bilmejekdiklerini habar beripdirler.

Garri we Megan gelmezler. Eger olar gelmekçi bolsadylar, bu barada şa maşgalasyny habarly ederdiler... bu onuň Alyhezretleri Hanymyň adamsy aradan çykany bäri ilkinji ýalňyzlykda garşylamaly Roždestwosy, şonuň üçin tagtyň wekilleri Garridir Meganyň geljekdigine umyt edýärler” diýip, köşge golaý adamlaryň biri aýdýar.

Ýeri gelende aýtsak, britan şa aýaly Ýelizaweta Ikinjiniň adamsy Edinburg şazadasy Filipp şu ýylyň aprelinde 100 ýaşamagyna iki aý galanda, ýurduny täzeläpdi.

Ýene degişli makalalar

Britaniýalylar Patyşa maşgalasynyň iň ýakymly agzasyny agzadylar
Mega Teknik dükanyna täze kafel plitalary gelip gowuşdy
Mega Teknik: öý we abatlaýyş üçin harytlaryň köpdürli görnüşleri
Ysraýylyň goşunynyň guran soňky hüjümlerinde ýene-de ençeme palestinaly ýogaldy
Iň kiçi Rubigiň kubjagazy
Memoriad 2024 bütindünýä zehin sportlary olimpiadasyna gatnaşýan okuwçylar Dubaýa gider