Ysraýylyň goşunynyň guran soňky hüjümlerinde ýene-de ençeme palestinaly ýogaldy

Ysraýylyň goşunynyň guran soňky hüjümlerinde ýene-de ençeme palestinaly ýogaldy

Palestinanyň resmi habarlar agentligi WAFA tarapyndan berilýän habara görä, Ysraýylyň harby uçarlary, Gaza zolagynyň merkezindäki Nusaýrat bosgun düşelgesinde öýleriň birine howa hüjümini gurady. Hüjümde 2 palestinaly ýogaldy, 12 palestinaly ýaralandy.

Ysraýylyň goşunynyň Bureýj we Megazi bosgun düşelgelerine artilleriýa ulgamlary bilen guran hüjümlerinde hem köp sanda palestinaly ýaralandy.

Ysraýylyň harby uçarlarynyň Gaza şäheriniň günorta-gündogaryndaky Az-Zeýtun etrapçasyna guran hüjümlerinde azyndan 8 palestinaly ýogaldy.

Saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri Gaza zolagynyň merkezindäki Nuseýrat bosgun düşelgesinde 2 gün ozal Ysraýylyň harby uçarlary tarapyndan bombalanan öýleriň harabalyklarynyň aşagyndan ar-Rai maşgalasyndan 3 çaganyň we olaryň ejeleriniň jesedini çykardylar.

Gazadaky Saglygy goraýyş ministrligi düýn beren beýanatynda, Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza zolagyna guran hüjümlerinde azyndan 15 müň 517-si çaga, 10 müň 279-y zenan, 37 müň 431 palestinalynyň öldürilendigini, 85 müň 653 palestinalynyň bolsa ýaralanandygyny habar beripdi.

Hüjümleriň netijesinde ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň aşagynda häzirki wagtda hem müňlerçe adamyň jesediniň bardygy, halkyň sygynýan hassahanalaryň we bilim ojaklarynyň nyşana alynyp, raýat infrastrukturasynada zeper ýetirilýändigi mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Gazada guran hüjümlerinde alty adam ýogaldy
Ysraýylyň Gaza guran howa hüjümlerinde 3 palestinli ýogaldy
Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýene-de iki palestinaly öldi, ençeme palestinaly ýaralandy
Ysraýyl Gazada 3 palestinlini öldürdi
Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde biri çaga 6 adam ýogaldy
Russiýa Ukrainanyň Odessa şäherinde energetika desgasyny nyşana aldy
RSF Sudanda hassahanany nyşana aldy