Şazada Garriniň ýaşaýan şäherini sil basdy

Şazada Garriniň ýaşaýan şäherini sil basdy

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Montesio şäheriniň ilaty sil joşmalary sebäpli göçürildi. Bu şäherde şazada Garri öz aýaly Megan Markl bilen ýaşaýar, şeýle-de şäherde beýleki meşhur sungat wekilleri, şol sanda telealypbaryjylar Opra Uinfri, Ariana Grande, Ellen Jeneres hem ýaşaýar diýip, Bloomberg neşirine salgylanyp, MIR 24 ýazýar.

Deslapky magumatlara görä, Kaliforniýadaky tebigy betbagtçylygyň pidalary 12 adam ýetdi, müňlerçe adam elektrik togundan kesildi.

Ştatda adatdan daşary ýagdaý dowam edýär, ätiýaçlandyryş kompaniýalary sil sebäpli çeken ýitgilerini hasaplaýarlar.

Ýene degişli makalalar

“Financial Times”: 2022-nji ýylyň iň täsirli zenanlary
Britaniýalylar Patyşa maşgalasynyň iň ýakymly agzasyny agzadylar
Britni Spirs ýatlamalar kitabyny çykarar
Şazada Uilýam Patyşa Karl III borçlarynyň bir bölegini alar
Ysraýyl Çagalar Seýilgähine Hüjüm Gurady
Mega Teknik dükanlary öýüňiziň keşbini özgertmek üçin önümleriň dürli görnüşlerini hödürleýär