“Seltigiň” üçlemesi

Şotlandiýada “Seltik” Liga kubogy we çempionlykdan soň, ýurduň kubogyny-da gazanyp, 2001-nji ýyldan soň ýene bir ýola üçlemäni tamamlady. “Seltik” Şotlandiýanyň FA kubogy ýaryşynyň finalynda “Aberdini” 21 hasabynda utup, 37-nji gezek kubogy asmana göterdi. “Seltigiň” gollaryny Stýuart Armstrong (9) bilen Tom Rogiç (90+1), “Aberiniň” ýeke-täk topuny-da Jonatan Haýz derwezä girizdi.Türkiýäniň kubok ýaryşynyň finalynda wise-çempion “Istanbul Başakşehir” bilen “Konýaspor” duşuşdy.

Esasy we goşmaça wagty 00 tamamlanan oýunda penaltilerden soň ýeňiş gazanan “Istanbul Başakşehir” taryhynda ilkinji gezek Türkiýäniň kubogyny eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Diňe 2 klub gol geçirtmedi
“Borussiýa Dortmund” 1/8 finalda, Ronaldonyň 750-nji goly we beýleki hasabatlar
Ramosyň 100-nji goly, “Bawariýanyň” yzly-yzyna 14-nji ýeňşi
Iňlis toparlary ýeňlişsiz barýar
Toparlaryň deň ýarysyna golaýy Stambul şäherine wekilçilik eder
3 toparyň hem 9 utugy bar