Sen haýsy eliň bilen ýazýaň?!

Her ýylyň 13-nji awgusty çepbekeýleriň güni hökmünde bellenilýär. Çepbekeýleriň arasynda Messi, Pele, Maradona ýaly futbolçylar, Bil Geýts, Stiw Jobs ýaly işewürler, Nikol Kidman, Juliýa Roberts, Tine Feý ýaly sungat işgärleri we beýleki meşhurlar bar. Eýsem, çepbekeý adamlaryň nähili häsiýetleri bolýarka?

Çep eline garanda sag eli bilen has köp işleýän adama saglakaý diýilýär.Köpümiz adatça sag elimizi ulanýarys.Işi çep eli bilen etmäge endik eden adamlara bolsa, çepbekeý diýilýär.

Haýsy elimizi has täsirli ulanjakdygymyz çagalykdan belli bolýar.Bütin dünýäde adamalaryň ortaça 90 göterimi saglakaý, 10 göterimi çepbekeý bolup, öran az adam iş edeninde iki elini hem ulanyp bilýär.

Adam beýnisi iki meňzeş bölekden ybarat bolup, sag tarapy bedeniň çep bölegini, çep tarapy bedeniň sag bölegini dolandyrýar. Şeýle hem adamyň ukyp başarnygy hem beýnisiniň haýsy tarapyny ulanýandygyna baglydyr.

Mysal üçin, dil öwrenmekde beýniniň çep tarapynyň täsiri köplenç saglakaý bolýar.Emma çepbekeýleriň dil öwrenmek ukyby saglakaýlaryňky ýaly bolmaýar.Gadymy döwürlerde çepbekeý bolmak adaty zat hasaplanmansoň, olaryň sag elini ulanmaklary talap edilipdir.

XIX asyrda geçirilen barlaglarda çepbekeý bolmagyň hem adaty zatdygy anyklanypdyr. Şol döwürler orta atylan iki eli bilen işläp bilýänleriň beýnisiniň iki tarapyny hem ulanyp bilýändigi sebäpli beýnisinden has netijeli peýdalanyp bilýändigi orta atylýar.

Emma bu pikirleriň nädogrudygy soňky ýyllarda geçirilen barlaglarda subut edilýär. Çepbekeýleriň we saglakaýlaryň arasynda geçirilen tejribede akyl babatda tapawudyň ýokdugy ýüze çykaryldy.Geçirilen barlaglarda iki elini birwagtda ulanyp bilýän adamlaryň hem ukyp-başarnyk babatda beýlekilerden tapawudynyň ýokdugy anyklandy.

Sport, aýdym-saz we sungat ýaly aýratyn zehin talap edýän ugurlarda hem çepbekeýler we iki elini birwagtda ulanyp bilýänler az däl.Belli italýan suratkeşi Leonardo da Winçi iki elini birwagtda ulanýan belli meşhur adamlaryň biridir.

Ýene degişli makalalar

“Marvel”-iň täze filminde ýaş aktrisa surata düşer
Apple II-niň gözükdirijisi rekord baha satyldy
The New York Times XXI asyryň 25 sany iň beýik aktýoryny yglan etdi
Artistler ýylyň iň gowy aktýor we aktrisalaryny saýlaýar
Blokbasterlere gatnaşandygy üçin iň ýokary hak alýan Golliwud aktýorlarynyň sanawy düzüldi
8-nji mart agşamy görmek üçin iň gowy filmler maslahat berildi