Senagat boýunça wagtlaýyn wise-premýer bellenildi

Bu wezipe Dädebaý Amangeldiýewe tabşyryldy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky karara anna güni gol çekdi.

Amangeldiýew 2017-nji ýylyň ýanwaryndan bäri gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy boýunça hem wise-premýer bolup işleýär. Ozal ol “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň başlygy bolup işleýärdi.

Senagat boýunça wise-premýeriň wezipesini öň Batyr Ereşow ýerine ýetirýärdi, TDH döwlet habar gullugy onuň 3-nji maýda tarpa-taýyn ýogalandygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň prezidenti regionlar we Aşgabat boýunça jogapkärleri belledi
Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Batyr Ereşow aradan çykdy