Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Batyr Ereşow aradan çykdy

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Batyr Ereşow 52 ýaşynda Aşgabatda aradan çykdy. Bu barada TDH döwlet habar agentligi habar berýär.

Batyr Ereşow 1966-njy ýylyň 13-nji iýunynda Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň S.A.Nyýazow şäherçesinde eneden doguldy.

Ol 1990-njy ýylda Turkmen politehniki institutyny inžener gurluşykçy hünäri boýunça tamamlady, zähmet ýoluna 1990-njy ýylda başlady.

1993-nji ýylda Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň häkimliginiň hünärmeni bolup işledi.

1993-2006-njy ýyllarda Lebapgurluşyk önümçilik birleşiginde dürli wezipeleri eýeledi.

2006-njy ýyldan 2009-njy ýyla çenli Türkmenabat şäheriniň Gazygaýtadanişleýiş müdirliginiň düýpli gurluşyk bölüminiň müdiri, müdirligiň başlygynyň orunbasary wezipelerinde işledi.

2009-njy ýylda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň häkiminiň orunbasary, 2012-nji ýylda Seýdi şäheriniň häkimi wezipesine bellenildi.

2013-nji ýylyň fewral aýyndan iýul aýyna çenli Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň Aýratyn möhüm we düýpli gurluşyklara gözegçilik bolumimn mudiri boldy.

2013-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Gurluşyk ministri wezipesine bellenildi.

2014-nji ýylyň aprel aýyndan iýul aýyna çenli Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministri wezipesinde işledi.

2014-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň prezidenti regionlar we Aşgabat boýunça jogapkärleri belledi
Senagat boýunça wagtlaýyn wise-premýer bellenildi