Sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynda garaljak ugurlar kesgitlenildi

Sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynda garaljak ugurlar kesgitlenildi

Hususy eýeçilik, hünärmenler, saglygy goraýyş we derman senagaty, senagat pudaklary, oba hojalygy, halkara gatnaşyklary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde garaljak esasy ugurlar şulardan ybarat bolar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Maslahatlar merkezinde geçirilen ýygnakda aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çykyşynda Gurbanguly Berdimuhamedow geljekde bazar gatnaşyklaryna esaslanýan döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ösdürmek, Türkmenistanyň milli manadynyň hümmetini durnukly saklamak we walýuta düzgünleşdirmesi hem-de beýleki birnäçe meseleler boýunça teklipleri taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurtda geljekde has köp talap ediljek hünärler boýunça taýýarlygy giňden alyp barmak, saglygy goraýyş we derman senagaty boýunça alnyp barylýan işleri ýokarlandyrmak, nebitgaz, himiýa, gurluşyk, energetika, dokma pudaklaryny innowasiýalar arkaly ösdürmek, şeýle-de azyk howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de eksport ugurly önümçilikleri döredilmek boýunça geçirilýän işleriň wajypdygyna hem ünsi çekdi.

Mejlisde eden çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli alyp barmak, tejribeleri öwrenmek, olary giňden ornaşdyrmak boýunça teklipleriň üstünde iş alyp barmagyň zerurdygyny hem nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen uniwersitetiniň wekiliýeti Uniwersitetler we gelejek atly halkara foruma gatnaşdy
Siýýarto: Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleri Wengriýada saparda bolarlar
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ PREZIDIUMYNYŇ MEJLISI
Türkmen demokratiýasynyň ajaýyp nusgasy
24-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçiriler
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi döredildi