
Nýu-Ýorka amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde, 19-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerri bilen duşuşdy. Bu barada ''Türkmenistan'' gazeti habar berýär.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň döwlet Baştutany hem-de ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili halkara gün tertibinde aýratyn üns berilýän ekologiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygy tassyklanyldy.Ekologik meseläniň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmagyň dowamynda ekologiýanyň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyň aýrylmaz böleginiň biri hökmünde kesgitlenendigi bellenildi. Şeýle-de şu ýylyň maý aýynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekiliniň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda bu meseläniň içgin ara alnyp maslahatlaşylandygy barada aýdyldy.
Türkmenistan “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek strategiýasyny durmuşa geçirip, dürli pudaklara ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär. Şeýle hem türkmen döwleti BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürýär.
Bu ýöriteleşdirilen düzüm howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň ýetirýän täsirlerini peseltmek babatda hyzmatdaşlyk üçin netijeli meýdança bolar.
ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan işine ýokary baha berdi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerri netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilip, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.