Serdar Berdimuhamedow Ärdogany Türkiýe Respublikasynyň 100 ýyllygy bilen gutlady

Serdar Berdimuhamedow Ärdogany Türkiýe Respublikasynyň 100 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýram — Türkiýe Respublikasynyň şanly 100 ýyllygy mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana hem-de ýurduň doganlyk halkyna ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şeýle hem ýakynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran üstünlikli resmi saparynyň türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ýylýazgysynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Türkiýäniň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýäniň Prezidentine türkmenistanly çagalar türkmen tahýasyny we dutar sowgat berdiler
Podmoskowýede bolan ýykgynçylyk dünýäde giňden ýazgaryldy
Türkiýede ýerli saýlawlar geçdi
Gurbanguly Berdimuhameow Türkiýäniň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Ärdogan Bagdatda Yragyň Prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistanda Mukaddes Oraza baýramy bellenilýär