Serdar Berdimuhamedow Dubaýa iş saparyny tamamlap, Aşgabada gaýdyp geldi

Serdar Berdimuhamedow Dubaýa iş saparyny tamamlap, Aşgabada gaýdyp geldi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (COP28) gatnaşmak maksady bilen BAE-niň Dubaý şäherine iş sapary tamamlandy. Bu barada TDH habar berýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, 12-nji dekabra çenli dowam etjek bu iri foruma dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly wekiller, şol sanda döwlet we hökümet Baştutanlary, ugurdaş döwlet düzümleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, bilermenler, raýat jemgyýetçiliginiň, işewür toparlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşýarlar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Bütindünýä howa sammitinde çykyş edip, Türkmenistanyň bu maslahata gatnaşmagyna özüniň howanyň üýtgemegi meselesi boýunça halkara strategiýasyny ilerletmekde tapgyrlaýyn waka hökmünde garaýandygyny nygtady.

Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň çäklerinde, Prezident Serdar Berdimuhamedowa BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň adyndan mukaddes Gurhanyň aýatlarynyň altyn suw bilen ýazylan ýörite sowgady gowşuryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti sowgady minnetdarlyk bilen kabul edip, muňa depginli ösdürilýän hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan dostlukly türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň nyşany hökmünde garaýandygyny aýtdy.

Ählumumy forumyň iki gününiň dowamynda köp döwletleriň Baştutanlary we hökümet ýolbaşçylary ekologiýa, azyk howpsuzlygy, tebigy betbagtçylyklardan goranmak, “ýaşyl” energetika meseleleri, howanyň üýtgemeginiň netijelerini ýeňip geçmek üçin az ösen ýurtlara maliýe goldawyny bermek babatda öz ýurtlarynyň garaýyşlaryny beýan etdiler.

Howanyň üýtgemegi bilen bagly dürli ugurlar boýunça mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini has jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak üçin “COP28” meýdançasynda plenar mejlisler bilen utgaşyklykda birnäçe beýleki çäreler geçirilýär. Şolara Türkmenistanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

2-nji dekabrda türkmen wekiliýetiniň agzalary tebigaty goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde ýaşlaryň orny, agyz suwuny we howany goramak boýunça çäreleri durmuşa geçirmegi çaltlandyrmak, adalatly, deňhukukly, utgaşdyrylan energiýa akymyna, hususan-da, häzirki döwürde ulanylýan energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine geçmegi çaltlandyrmak meselelerine bagyşlanan köptaraplaýyn duşuşyklara gatnaşdylar.

“Saglygy goraýyş howanyň üýtgemegi boýunça gün tertibiniň merkezinde” ady bilen geçirilen duşuşyga aýratyn üns berildi. Onuň netijeleri boýunça Howa we saglyk boýunça “COP28” Jarnamasy kabul edildi. Ählumumy howa başlangyjynyň çäklerinde köptaraplaýyn dialogy dowam etdirmäge taýýardygyny hemişe beýan edýän türkmen tarapy bu Jarnamany goldady hem-de Pariž ylalaşygyny durmuşa geçirmek üçin saglygy goraýyş meselelerinde umumy tagallalara ygrarlydygyny tassyklady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Milli güni mynasybetli dabaralara gatnaşdy. BAE-niň döredilmeginiň 52 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary guraldy.

Birleşen Arap Emirliklerine iki günlük iş sapary tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Dubaýdan Aşgabada ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde BAE-niň ilçihanasynyň wekili Prezident Serdar Berdimuhamedowy BMG-niň Bütindünýä howa sammitine (COP28) üstünlikli gatnaşmagy, çuň many-mazmunly çykyşy hem-de onuň çäklerindäki duşuşyklaryňdyr gepleşikleriň netijeli geçmegi bilen gutlady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti bilen gepleşik geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow “Dubai Aviation Corporation” kompaniýasynyň täjirçilik direktory bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Dubaýda Dragon Oil kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
Türkmenhowaýollary agentligi bilen Dubai Aviation Corporation kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi
Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmen halkynyň Milli Lideri Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutladylar