Serdar Berdimuhamedow Finlýandiýanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Serdar Berdimuhamedow Finlýandiýanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Finlýandiýanyň Prezidenti Sauli Wýaýnýamýo Niýnistýo we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Finlýandiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginde habar berilýär.

Çeşmäniň habar bermegine görä, döwlet Baştutany iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň, birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de gyşarnyksyz ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Sauli Wýaýnýamýo Niýnistýo tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Finlýandiýa Respublikasynyň halkyna bolsa ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ilçisi Finlýandiýanyň Prezidentiniň inaugurasiýasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Serdar Berdimuhamedow Finlýandiýanyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Finlýandiýanyň öňki Prezidenti Martti Ahtisaari aradan çykdy
Stoltenberg Türkiýäniň Kanuny Aladalarynyň Girilmäge Çalyşylýandygyny Aýtdy
Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýanyň Liderini gutlady