Serdar Berdimuhamedow: Hazarüsti gaz geçirijisi geljegi uly iri taslamalaryň hataryndadyr

Serdar Berdimuhamedow: Hazarüsti gaz geçirijisi geljegi uly iri taslamalaryň hataryndadyr

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023” (OGT-2023) halkara maslahatyna we sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagynda Hazarüsti gaz geçirijisiniň türkmen tebigy gazyny Ýewropa döwletlerine çykarmakda geljegi uly iri taslamalaryň hatarynda durýandygyny belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Şeýle hem gutlag hatda türkmen tebigy gazyny Aziýanyň günorta-gündogaryna eltjek, sebitiň iri taslamasy bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynda daşary ýurtly işewürlere hyzmatdaşlyk etmäge uly mümkinçilikler bardygy we bu gaz geçirijiniň gurluşygynyň amala aşyrylmagy sebitiň ähli döwletleriniň ykdysadyýetiniň pugtalanmagyna oňaýly täsirini ýetijekdigi barada bellenilýär.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem halkara bazaryň türkmen tebigy gazyna bolan islegini kanagatlandyrmakda gory boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Galkynyş gaz känine aýratyn ornuň degişlidigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek işleriniň giň gerimde alnyp barylýandygyny, bu işlere maýa goýumlary çekmekde ýurdumyzda ýokary derejede amatly şertleriň döredilýändigini nygtady.

“Türkmenistan tebigy gazy diňe bir eksport etmegiň mümkinçilikleri bilen çäklenmän, ony gaýtadan işlemäge hem uly ähmiýet berýär. Bu ugurda-da ýurdumyz özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin açykdyr” diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.

“OGT 2023” forumynyň maksady sebit gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdan, energetika babatda dünýä meýillerine syn bermekden we Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekden ybaratdyr. Maslahata gatnaşyjylar şeýle hem Türkmenistanyň ýangyç-energetika we nebitgazhimiýa toplumlarynyň täze maýa goýum taslamalary barada hem giňişleýin öwrenip bilerler.

Ýene degişli makalalar

Parižde Türkmenistanyň energetika ulgamyna halkara maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçiriler
Aşgabatda döwlet bagşyçylyk bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi, Türkmenistanyň Lebap welaýatynda 3,5 müň maşgala üçin şäherçeler gurulýar, Apple iPhone 15 nesline degişli smartfonlaryny tanyşdyrdy we beýleki habarlar
Dünýäniň energetika kompaniýalary we guramalary OGT-2023 halkara maslahatyna gatnaşarlar
Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy OGT-2023 halkara maslahatyna gatnaşar
OPEK OGT-2023 forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady
Aşgabatda oktýabr aýynda OGT 2023 halkara konferensiýasy we sergisi geçiriler