Serdar Berdimuhamedow “iň owadan ahalteke aty” bäsleşiginde kakasyna sowgat berilen atlary kabul etdi

Serdar Berdimuhamedow “iň owadan ahalteke aty” bäsleşiginde kakasyna sowgat berilen atlary kabul etdi

23-nji aprelde prezident Berdimuhamedowyň Ahalteke atçylyk toplumynda “Iň owadan Ahalteke aty” bäsleşiginiň ýeňijisi bolan atlara sowgat gowşurylyş dabarasyna wise-premýer Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu barada döwlet habarlar gullugy TDH maglumat berýär.

Dabara wise-premýerler, Halk Maslahatynyň we Mejlisiň ýolbaşçylary, harby hem hukuk edaralarynyň, welaýatlarynyň we Aşgabadyň häkimleri gatnaşdylar.

Ýurdyň atçylaryndan we türkmen ahalteke atlary baýramy bilen bagly welaýatlardan iň saýlama atlar prezident Berdimuhamedowa sowgat berildi.

Ahaldan “Oguzkent”, Balkandan “Deňiz”, Daşoguzdan “Gürbedew”, Lebapdan “Köýtendag”, Marydan “Murgap”, paýtagtdan “Aksäher”, hukuk we harby edaralardan “Beýikdag” we atçylardan “Hankerwen”atly atlar sowgat berildi.

Olary kabul etmek prezidentiň oglundan soraldy.

Soňra bäsleşigiň ýeňijileri bolan atlar yglan edildi we olara prezident Berdimuhamedowyň adyndan “Tolkun” telewizory, şahadatnama gowşuryldy.

Mundan soň iň owadan aty seçmek baradaky bäsleşigiň jemleýji tapgyry boldy we onda Ahalteke atçylyk toplumyndan “Aýgytly” aty ýeňiji boldy.

Atyň seýisi Çary Ballyýew prezidentiň adyndan “Lexus” kysymly ulagyň açarlaryny, kubok we diplom aldy.

The post Serdar Berdimuhamedow “iň owadan ahalteke aty” bäsleşiginde kakasyna sowgat berilen atlary kabul etdi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Ahalteke aty gününde edil kakasy ýaly, Serdar Berdimuhamedowa 8 bedew söwgat edildi
Ýulduz Jumabaýewany we onuň tälimçisini sylaglamak üçin Medal gowşurylyş dabarasy geçirildi
TOYOTA-nyň taryhy
Agyr atletikaçy Polina Gurýewany sylaglamak dabarasy geçirildi
Türkmenistanyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medalynyň eýesi Polina Gurýewa bilen söhbetdeşlik
Olimpiýa medalynyň eýesi Polina Gurýewa Türkmenistanyň at gazanan sport ussady diýen at dakyldy
Olimpiýa medalynyň eýesi Polina Gurýewa sylaglandy