Tokioda geçirilen XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistan üçin ýurduň taryhynda ilkinji Olimpiýa medalyny gazanan agyr atletikaçy Polina Gurýewa türkmen sportunyň ösmegine goşan goşandy we Ýaponiýada geçirilen oýunlarda gazanan ynamly ýeňşi üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Türkmenistanyň at gazanan sport ussady diýen hormatly adyň eýesi Polina Gurýewa bilen Türkmenportal-yň okyjylary üçin taýýarlanan söhbetdeşlik ol şeýle belledi:
Söhbetdeşligiň dowamynda Polina duşenbe güni ýene yzygiderli türgenleşige başlajakdygyny we 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek indiki Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görjekdigini aýtdy.
Türkmenportal-yň ozal habar berşi ýaly, Tokio Olimpiadasynyň kümüş medalynyň eýesi Polina Gurýewa Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan wise-premýer Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýynyň, Lexus LX570 Sport Plus ýeňil awtoulagynyň açarlaryny we 50 müň amerikan dollary möçberde pul sylagyny gowşurdy. Şeýle-de, P.Gurýewa Türkmenistanyň at gazanan sport ussady diýen at dakyldy.