Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa — Hytaý sammitine gatnaşar

Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa — Hytaý sammitine gatnaşar

18-19-njy maýda Hytaýyň Sian şäherinde Merkezi Aziýa — Hytaý sammiti geçiriler. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça bu ýokary derejeli duşuşyga Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Mälim bolşy ýaly, 13-nji maýda Türkmenistana sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekili, HHR-iň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Ma Çžaosýuý Serdar Berdimuhamedowa HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň 18-19-njy maýda geçiriljek Merkezi Aziýa — Hytaý sammitine gatnaşmaga iberen çakylygyny gowşurypdy. Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow bu sammite gatnaşmak üçin Hytaýa gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşylýandygy aýdyldy.

Hytaýyň resmi habar beriş serişdeleri Şensi welaýatynyň edara ediş merkezi bolan Sian şäherinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň başlyklygynda geçiriljek ýokary derejeli duşuşyga Merkezi Aziýa döwletleriniň bäşisiniň Liderleriniň gatnaşjakdygyny mälim edýär.

Sammitiň dowamynda Hytaý bilen sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, döwletara derejede hereket edýän mehanizmleriň ösüşi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.Duşuşygyň jemleri boýunça bilelikdäki möhüm syýasy resminama gol çekiler.

Merkezi Aziýa — Hytaý sammitine köptaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga mümkinçilik hökmünde garalýar. Ýurtlaryň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyndan bäri geçen 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu ugurdaky özara hereketlerde anyk netijeler gazanyldy.

Diňe 2022-nji ýylda Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberi 70 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Şu ýylyň mart aýyndaky ýagdaýa görä, Hytaýyň bu sebitiň ýurtlaryna goýan göni maýa goýumlarynyň möçberi 15 milliard amerikan dollaryndan geçdi.

Bu barada Türkmenistan gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ilçisi Merkezi Aziýa Hytaý formatynyň Sekretariatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti Hytaýda geçirilýän halkara foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa — Hytaý sammitinde çykyş etdi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ WE HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGY SI SZINPINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
Wan I: Hytaý — Merkezi Aziýa sammiti Hytaýyň daşary syýasaty üçin möhüm waka boldy
Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň arasynda ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek barada üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi
Raşid Meredow Sinzýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretary bilen duşuşdy