Raşid Meredow Sinzýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretary bilen duşuşdy

Raşid Meredow Sinzýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretary bilen duşuşdy

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, Sinzýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretary Ma Sinžuýyň ýolbaşçylygyndaky Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň geriminiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem döwlet Baştutanlarynyň söhbetdeşlikleriniň, hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bir guşak, bir ýol üçünji forumyna gatnaşmak üçin şu ýylyň oktýabr aýynda HHR-na bolan saparynyň dowamyndaky gepleşiklerde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirlişi barada pikir alyşdylar.

Duşuşykda söwda-ykdysady arabaglanşygyny giňeltmegiň meselelerine aýratyn üns berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, söhbetdeşler bilim, ylym, medeni alyş-çalyş we Türkmenistanda hytaý dilini öwrenmek ugrundaky üstünlikli özara gatnaşyklara üns bermek arkaly, medeni we ynsanperwer ugurlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýandygy babatda bir pikirde boldular. Şol bir wagtyň özünde, iki ýurduň ýaşlarynyň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmegiň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, şu günler ýurduň Mary şäherinde şu ýylyň maý aýynda Sian şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa-Hytaý formatdaky döwlet baştutanlarynyň sammitinde Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen öňe sürlen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlary üçin Beýik Ýüpek ýolunyň täze döwri atly Ýaşlar forumy geçirilýär.

Sebitara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň çäklerinde, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň Sinzýan-Uýgur awtonom raýony bilen oba hojalygy, söwda, energetika, lukmançylyk, bilim, medeniýet we syýahatçylyk pudaklarynda özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Wan I: Hytaý — Merkezi Aziýa sammiti Hytaýyň daşary syýasaty üçin möhüm waka boldy
Türkmenistanyň ilçisi Merkezi Aziýa Hytaý formatynyň Sekretariatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Si Szinpin: Hytaý siwilizasiýanyň täze görnüşini döretdi
Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisinde birnäçe resminamalara gol çekildi
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar