Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny hem-de berk jan saglyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Ol Özbegistanda doganlyk Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly dialogyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýewe mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkmenistanyň Özbegistan bilen köpasyrlyk taryhy bolan hoşniýetli goňşuçylyk we ynanyşmak gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny nygtady.

Türkmen döwletiniň Baştutany söhbetdeşligiň dowamynda Özbegistanyň daşary işler ministriniň Aşgabada şu gezekki saparynyň çäklerinde Merkezi Aziýa Koreýa Respublikasy formatyndaky 16-njy Hyzmatdaşlyk forumynyň işine gatnaşmagynyň dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollary, şeýle hem sebitleýin we halkara syýasatyň möhüm meseleleri barada pikir alyşmak üçin oňat mümkinçilik döretjekdigini nygtady. Şunda saparyň jemleriniň iki ýurduň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna aýratyn goşant boljakdygyna berk ynam bildirildi.

Duşuşygyň barşynda Birleşen Milletler Guramasynyň, birnäçe beýleki halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.Köpugurly türkmen-özbek gatnaşyklarynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyna aýratyn orun berilýändigi nygtalyp, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň oňyn depgini, şeýle hem ýangyç-energetika, ulag-logistika, oba hojalygy we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýeti bellenildi. Şeýle hem medeniýet, ylym-bilim ulgamlarynda däp bolan dialogyň okgunly häsiýetiniň ähmiýeti nygtaldy

Prezident Serdar Berdimuhamedow, pursatdan peýdalanyp, Daşkent şäherinde öňde boljak Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi hem-de onuň netijeleriniň doly derejeli döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine we çuňlaşdyrylmagyna uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow strategik döwletara hyzmatdaşlygyň mizemez dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanmak bilen, geljekde-de iki doganlyk halkyň bähbidine üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Özbegistan strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň ilçisi Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Özbegistanyň Daşary işler ministrliginde diplomatik işini tamamlaýan Türkmenistanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň Sammiti geçiriler, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy çagalaryň Awazada dynç alşyny üpjün eder we beýleki habarlar
Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň Sammiti geçiriler
Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
TBMM-niň Başlygy Kurtulmuş, Özbegistanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi