Serdar Berdimuhamedow prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky resminama gol çekdi

Serdar Berdimuhamedow prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky resminama gol çekdi

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 3 aýyň jemlerine bagyşlanan nobatdaky mejlisini geçirdi.

Döwlet Baştutany mejlisde prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda degişli resminama hem gol çekdi.

"Watan" habarlar gepleşiginde habar berilmegine görä, "Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda gol çekilen bu resminama bilen:

ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Batyr Kakamyradowiç Annamuhammedow Aşgabat şäheriniň harby prokurory wezipesine;

ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Ahmet Berdimyradowiç Annamyradow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň prokurory wezipesine;

ýustisiýanyň geňeşçisi Begenç Bäşimgulyýewiç Ýowşanow Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň prokurory wezipesine;

1-nji derejeli ýurist Begli Kakageldiýewiç Hommadow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň prokurory wezipesine;

2-nji derejeli ýurist Kakajan Döwranowiç Ataýew Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň prokurory wezipesine;

1-nji derejeli ýurist Bäşim Çarygulyýewiç Ýalkabow Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi.

Şeýle-de:

ýustisiýanyň geňeşçisi Gurbandurdy Suhanberdyýewiç Meläýew Lebap welaýatynyň harby prokurory wezipesine bellenilip, ol Lebap welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň geňeşçisi Ýakup Meretmuhammedowiç Annaýew Aşgabat şäheriniň harby prokurory wezipesinden;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Berdimyrat Niýazberdiýewiç Annaýew Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň prokurory wezipesinden;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Meýlis Tirkeşowiç Ýelmyratow Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň prokurory wezipesinden;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň geňeşçisi Ruslan Hamraýewiç Döwranow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň prokurory wezipesinden;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň geňeşçisi Alym Abdullaýewiç Goňurow Daşoguz welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Meýlis Akmyradowiç Hojaýew Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň prokurory wezipesinden;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Şöhrat Tirkeşowiç Mämiýew Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň prokurory wezipesinden;

gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Gurbanguly Azadyýewiç Naýýaýew Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň prokurory wezipesinden;

ýustisiýanyň geňeşçisi Şatlyk Gündogdyýewiç Myradow Lebap welaýatynyň harby prokurory wezipesinden boşadyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe prokurorlary wezipä belledi we boşatdy
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Türkmenistanyň Prezidenti kazylary wezipä belledi we boşatdy