Serdar Berdimuhamedow Singapur Respublikasynyň Milli güni bilen gutlady

Serdar Berdimuhamedow Singapur Respublikasynyň Milli güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Singapur Respublikasynyň Prezidenti hanym Halima Ýakoba, Premýer-ministri Li Sýan Luna hem-de ýurduň halkyna Singapur Respublikasynyň Milli güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Habarda beýan edilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, özara hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine yzygiderli giňeldiljekdigine uly ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow, mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident hanym Halima Ýakoba we Premýer-ministr Li Sýan Luna berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Singapuryň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow Singapura gutlag hatyny iberdi
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň Milli güni mynasybetli gutlaglaryny iberdi
Serdar Berdimuhamedow Singapuryň Milli gününi gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
27.08.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapur Respublikasyna döwlet sapary
Türkmenistanyň dzýudo boýunça ýaşlar ýygyndysy Ýewropanyň açyk kubogyny üç medal bilen tamamlady