Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň Milli güni mynasybetli gutlaglaryny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň Milli güni mynasybetli gutlaglaryny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Singapur Respublikasynyň Prezidenti hanym Halima Ýakoba, Premýer-ministr Li Sýan Luna hem-de ýurduň ähli halkyna Singapur Respublikasynyň Milli güni mynasybetli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini we ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň giňeldilmegi üçin bilelikdäki tagallalary dowam etdirmäge taýýardygyny belläp, onuň halklaryň abadançylygyna oňyn täsirini ýetirjekdigine pugta ynam bildirdi.

Serdar Berdimuhamedow Prezident hanym Halima Ýakoba hem-de Premýer-ministr Li Sýan Luna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Singapur Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow Singapur Respublikasynyň Milli güni bilen gutlady
Gurbanguly Berdimuhamedow Singapura gutlag hatyny iberdi
Serdar Berdimuhamedow Singapuryň Milli gününi gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
27.08.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapur Respublikasyna döwlet sapary
Türkmenistanyň dzýudo boýunça ýaşlar ýygyndysy Ýewropanyň açyk kubogyny üç medal bilen tamamlady