Serdar Berdimuhamedow täjik halkynyň milli gahrymanynyň ýadygärligine gül goýdy

Serdar Berdimuhamedow täjik halkynyň milli gahrymanynyň ýadygärligine gül goýdy

Şu gün Täjigistanda saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täjik halkynyň milli gahrymany Ismoil Somoniniň ýadygärligine gül goýdy.

Dusti meýdançasynda ýerleşýän ýadygärlik toplumyna gelende, Serdar Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Serdar Berdimuhamedow Ismoil Somoniniň keşbini ebedileşdiren ýadygärlige gül dessesini goýup, görnükli döwlet işgäri hem-de hökümdaryň — Samany döwletini esaslandyryjynyň hakydasyny hatyralady. Bu barada Türkmenistan gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Täjigistan: hyzmatdaşlygyň täze ugurlary
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Premýer-ministrini kabul etdi
Sankt-Peterburgda Türkmenistanyň wekiliýeti Medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we döredijilik hem-de kreatiw industriýalaryny ösdürmek boýunça halkara maslahata gatnaşdy
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW BILEN PREZIDENT EMOMALI RAHMONYŇ ARASYNDAKY GEPLEŞIKLER
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Emomali Rahmonyň arasyndaky gepleşikler
Türkmen wise-premýeri Moskwada GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy