Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan-ABŞ işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan-ABŞ işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow "Türkmenistan --- ABŞ" işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, işewür wagt tapyp kabul edendigi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň uly ykdysady kuwwaty bolan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassyklady.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň ABŞ bilen özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigi nygtaldy. Işewürler geňeşiniň türkmen-amerikan söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde aýratyn orny bellenildi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany ýurtda amala aşyrylýan ösüş maksatnamalaryny hem-de özgertmeleri, şeýle hem telekeçiler üçin döredilen amatly şertleri nazara almak bilen, netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Nebitgaz, elektroenergetika, gaýtadan dikeldilýän energetika, ulag we kommunikasiýalar pudaklary, obasenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar ulgamy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ABŞ-nyň kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini goldaýandygyny we Işewürlik geňeşiniň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny belledi.

Işewür bildirilen ynam we söhbetdeşlik üçin Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna çuňňur hoşallygyny beýan edip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga we bilelikdäki täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga çalyşýandyklaryny ýene-de bir gezek tassyklady.

Ýene degişli makalalar

Merkezi Aziýa ýurtlarynda başdan geçirlen soňky wakalar
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparynyň wekillerini kabul etdi
Serdar Berdimuhamedow amerikaly işewürleri kabul etdi
Türkmenistanda täze teleýaýlym peýda bolar, Türkmenistanda sürüjilik şahadatnamasyny almagyň Tertibine girizilen üýtgeşmeler köpçülige ýetirildi, Parahat 7 ýaşaýyş toplumynda täze seýilgäh hem-de 23 sany dokuz gatly jaý gurlar we beýleki habarlar
Duşanbede Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň birinji mejlisi geçiriler
Aşgabatdan Londona uçuşlar üçin awiapetekler satuwa çykaryldy, Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Täjigistana barar, Türkmenistan parlament saýlawlarynyň netijelerini yglan etdi we beýleki habarlar