Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny aýtdy

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny aýtdy

Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyrýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisindäki (COP28) çykyşynda, Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň Glazgoda geçirilen 26-njy maslahatynda Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasy boýunça täze başlangyjy goldamak barada aýtdy we resminamany içgin öwrenmäge we ony durmuşa geçirmäge gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi . Bu barada TDH ýazýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň maslahatlaryny nazara almak bilen hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň işjeň goldanmagynda ýurt howa boýunça Pariž ylalaşygy esasynda Türkmenistanyň milli derejede kesgitlenen goşandyny (NDC) taýýarlady we ony 2022-nji ýylyň maýynda tassyklady.

Bu strategik resminamada 2030-njy ýylda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny 2010-njy ýylyň derejesine görä, 20 göterim azaltmak göz öňünde tutulýar.

Şu gün bu belent münberden Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna özüniň goşulýandygy barada resmi taýdan beýan edýär diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Şunuň bilen birlikde, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri iş ýüzünde ýerine ýetirmäge gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalary hem-de hyzmatdaş döwletler bilen gündelik hyzmatdaşlygy dowam etjekdigini nygtady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy
Serdar Berdimuhamedow COP-28 maslahatynda çykyş etdi
Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy
Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy
47-nji UEFA Super Kubogy duşuşygy: “Real Madrid” “Aýntraht”
Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy