Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy

Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Dubaýda geçirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisinde (COP-28) eden çykyşynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygy aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň Glazgoda geçirilen 26-njy maslahatynda Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasy boýunça täze başlangyjy goldamak barada aýtdy we resminamany içgin öwrenmäge we ony durmuşa geçirmäge gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

“Şu gün bu belent münberden Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna özüniň goşulýandygy barada resmi taýdan beýan edýär” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Şeýle-de Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri iş ýüzünde ýerine ýetirmäge gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalary hem-de hyzmatdaş döwletler bilen gündelik hyzmatdaşlygy dowam etjekdigini nygtady.

Ählumumy metan borçnamasynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar metanyň global zyňyndylaryny 2030-njy ýyla çenli 2020-nji ýyldaky derejesinden 30 göterim azaltmagy ylalaşýarlar. Metan iň köp ýaýran parnik gazy bolup, kömürturşy gazy bilen deňeşdirilende ol atmosferada 80 esse köp ýylylygy saklaýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy
Serdar Berdimuhamedow COP-28 maslahatynda çykyş etdi
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny aýtdy
47-nji UEFA Super Kubogy duşuşygy: “Real Madrid” “Aýntraht”
Hindistan daşky gurşaw maksatnamasyny tassyklady
Dünýäniň iň gowy şäherleri