Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň täze içeri işler ministrini belledi

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň täze içeri işler ministrini belledi

Şu gün, 6-njy aprelde geçirilen Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny bellemek meselelerine garaldy. Mejlisiň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Öwezdurdy Hojanyýazowy içeri işler ministri wezipesinden boşatdy.

Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesine öň Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň başlygy bolup işlän Muhammet Hydyrow bellenildi.Döwlet Baştutany hukuk goraýjy edaralaryň işinde, ýol hereketiniň howpsuzlygyna gözegçilik etmekde ýol berlen kemçilikler barada belledi.

IIM ulgamynda häzirki zaman tehnologiýalarynyň netijesiz peýdalanýandygyny nygtady. Ýarym ýyl mundan öň, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmänligi hem-de işde goýberen kemçilikleri üçin Ö.Hojanyýazowa öňki Prezident tarapyndan berk käýinç berlipdi. Şol gezek, berk käýinçde ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýdurylypdy.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryny we IIM-niň başlygyny täzeledi
Berdimuhamedow IIM-e ahyrky duýduryş bilen berk käýinç yglan etdi
Türkmenistanyň Prezidenti içeri işler ministrine berk käýinç yglan etdi
Türkmenistanyň sebitlerinde ýangyna garşy 8 sany howpsuzlyk nokady gurlar
Türkmenistanyň Prezidenti täze harby desgalaryň gurluşygy bilen tanyşdy
Hukuk goraýjylar türkmen häkimiýetlerini Ismatullaýewanyň işine täzeden garamaga çagyrdy
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine täze ýolbaşçy bellenildi