Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine täze ýolbaşçy bellenildi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wezipe-guramaçylyk meselelerine garaldy. Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň razylygy esasynda polisiýanyň podpolkownigi Muhammet Hydyrowy Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesine belläp, ony Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň müdiri wezipesinden boşatdy.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Ö.Hojanyýazow wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmändigi üçin Türkmenistanyň içeri işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.

Polisiýanyň podpolkownigi Öwezdurdy Geldiýewiç Hojanyýazow Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesine 2021-nji ýylyň 1-nji iýulynda bellenipdi.

Şeýle-de, okaň!

Ýene degişli makalalar

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna we Içeri işler ministrine berk käýinç yglan edildi
Berdimuhamedow Çakyýewi içeri işler ministri wezipesinden boşatdy
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň täze içeri işler ministrini belledi
Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesinden boşadyldy
Hukuk goraýjylar türkmen häkimiýetlerini Ismatullaýewanyň işine täzeden garamaga çagyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti täze harby desgalaryň gurluşygy bilen tanyşdy