Serdar Berdimuhamedow Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Serdar Berdimuhamedow Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada TDH ýazýar.

Döwlet Baştutany öz adyndan hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Habarda bellenilişi ýaly, söhbetdeşligiň dowamynda taraplar häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejededigini kanagatlanma bilen bellediler. Dostluga, ynanyşmaga we özara düşünişmäge esaslanýan bu gatnaşyklar ugurlaryň giň gerimi boýunça yzygiderli ösdürilýär.

Bellenilişi ýaly, ýurtlar ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar işjeň ösdürilýär, parlamentara hyzmatdaşlygy yzygiderli alnyp barylýar.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň möhümdigini nygtadylar. Bu gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar. Serdar Berdimuhamedow şu mümkinçilikden peýdalanyp, rus kärdeşine Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlugyň pugtalandyrylmagyna goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlygyny beýan edip, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Prezident Wladimir Putin birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk we jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa, abadançylyk we bagtyýarlyk arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Türkmenistan bilen hasaplaşyklary milli pulda geçirişmäge taýýar
Türkmenistanyň Prezidenti pagta ýygymynyň depginlerini güýçlendirmegi tabşyrdy, Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler we beýleki habarlar
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Türkmen-rus söwda dolanyşygy 1,6 milliard amerikan dollaryndan geçýär
Russiýa Türkmenistan bilen wiza düzgünini ýeňilleşdirmegiň mümkinçiliklerine garamaga taýyn, Minnihanow Arkadag şäherinde metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy, Türkmenistanda iň meşhur sürüjilik derejesi mälim edildi we beýleki habarlar
Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmenistanda Saparda Boldy