Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystana döwlet saparyna taýýarlyk meseleleri maslahatlaşdyldy

Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystana döwlet saparyna taýýarlyk meseleleri maslahatlaşdyldy

4-nji oktýabrda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Onda türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, gazak tarapyna bolsa Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Ýe.Konuspaýew ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda ýokary derejedäki saparlaryň esasy ornuny bellemek bilen, taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna boljak döwlet sapary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de şu ýylyň oktýabr aýynyň dowamynda Gazagystanda geçiriljek möhüm halkara çäreleri guramak hem-de olara taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara düzümleriň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi barada hem aýratyn bellenildi.Mundan başga-da, taraplar medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna jikme-jik seredip geçdiler.

Ýene degişli makalalar

“Galkan” topary hokkeý boýunça halkara ýaryşyň kubogyna mynasyp boldy
Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi. Aşgabat bilen London birek-birege näme teklip edip bilerler?
Aşgabatda DÝHG-niň 38-nji mejlisi öz işini tamamlady
Türkmen uniwersitetiniň wekiliýeti Uniwersitetler we gelejek atly halkara foruma gatnaşdy
Galkan Aşgabatda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşyň çempiony boldy
Hokkeý toparlarynyň kapitanlary Türkmenistanyň Prezidentini gutladylar
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary