Serena Uilýamsyň oýny adamlaryň gatnaşygy boýunça US Open-iň rekordyny goýdy

Serena Uilýamsyň oýny adamlaryň gatnaşygy boýunça US Open-iň rekordyny goýdy

ABŞ-nyň tennis boýunça Açyk çempionatynyň amerikaly Serena Uilýams bilen çernogoriýaly Danki Kowiniçiň arasyndaky birinji tapgyr oýny ýaryşyň agşamky sessiýalarynda adamlaryň gatnaşygy boýunça rekord goýdy diýlip, US Open-iň saýtynda habar berilýär. Muny sport-interfax.ru ýetirýär.

Maglumatlara görä, münberde 29 402 adam bardy. Olaryň arasynda Bill Klinton, Hýu Jekman, Maýk Taýson, Lindsi Wonn ýaly meşhur adamlar hem bar. Duşuşyk 6:3, 6:3 hasabynda amerikalynyň ýeňmegi bilen tamamlandy. Öň, Uilýams Us Open-2022-den soň karýerasyny tamamlajakdygyny aýtdy. Serena Uilýams ýekelikde Uly tuwulga ýaryşlarynyň 23 gezek ýeňijisidir.

Ýene degişli makalalar

“Financial Times”: 2022-nji ýylyň iň täsirli zenanlary
Garsiýa WTA-nyň Jemleýji turniriniň ýeňijisi boldy
Serena Uilýams ýakynda karýerasyny tamamlajakdygyny mälim etdi
Uimbldonyň wild cardlaryna kimler mynasyp boldy?
Nike 2020-nji ýyllary zenan sportunyň onýyllygy diýip yglan etmegi meýilleşdirýär
Hemilton bilen Serena Uilýams “Çelsini” satyn almak taslamasyna maýa goýdular