Şerepli gaz ýatagyndan tebigy gazyň senagat akymy alyndy

Şerepli gaz ýatagyndan tebigy gazyň senagat akymy alyndy

“Türkmengaz” döwlet konserni Mary welaýatyndaky Şerepli gaz ýatagyndan tebigy gazyň senagat akymyny aldylar.

Senagat akymy konserniň “Türkmengazburawlaýyş” müdirligi tarapyndan 01-nji belgili ulanyş-baha beriş guýusyndan 2 müň 330 metr çuňlukda alyndy. Bu barada Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) metbugat gullugy penşenbe güni mälim etdi.

Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, gaz guýusy her gije-gündizde 695 müň kubmetr tebigy gaz berýär. Bellenilişi ýaly, alnan tebigy gazyň düzüminiň kükürt-wodorodsyz, arassa bolmagy täze gaz ýatagynyň önüminiň iň esasy häsiýetli aýratynlygydyr.

Şu önümçilik meýdançanyň gazçylary ýakyn günlerde Şerepli gaz känindäki 02-nji belgili ulanyş-baha beriş guýusynda burawlaýyş işlerine girişmekligi meýilleşdirýärler.

Müdirligiň gazçylary Mary welaýatynyň çägindäki täze Kelleli we Ýylan gaz känlerinde hem buraw işlerini dowam etdirýärler.

Ýene degişli makalalar

Önümçilik ösüşlere beslenýär
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze...
Saglygymyz özümize bagly
Darganatada ýuwuş suwy üçin zeýkeşleri ulanmak, şor ýerlere gowaça ekmezlik buýruldy
Aşgabat kinofestiwalynyň fonunda türkmen kinosynyň geçen ýoly barada gysga söhbet
Düýşleri ýazyp alýan we täzeden dikeldýän tehnologiýa Russiýada işlenip düzüldi