ABŞ-da pikirleri okaýan şlem öndüriler

ABŞ-da pikirleri okaýan şlem öndüriler

Kernel amerikan kompaniýasy neýronlaryň işjeňligini seljermek üçin şlemleri öndürmäge taýýarlanýar. Geljegiň enjamy beýniniň garramak hadysasyny, dürli görnüşli psihologik gaýraüzülmeleri öwrenmäge, şeýle-de, umuman, adamyň new ulgamynyň nähili gurlandygyna düşünmäge ýardam berer. Bu barada Bloomberg agentligine kompaniýanyň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy Braýan Jonson gürrüň berdi.

Vesti.ru-nyň ýazmagyna görä, geljek hepdeleriň dowamynda ABŞ-ly müşderileriň onlarçasy Kernel şlemleriniň ilkinji nusgalaryny alarlar.Flow we Flux atly iki nusga taýýarlanyp, olaryň bahasy 50 müň dollara deň bolar.

Olaryň ikisiniň-de agramy birnäçe kilograma deň bolup, beýniniň elektrik impulslaryny seljerýän datçiklerdir dürli elektronikalaryň köpüsini özünde jemlär.Taslamalary taýýarlamaga 5 ýyl wagt sarp edilip, olara 110 million dollar maýa goýuldy.

Flow lazer impulslaryny goýbermek we matadan gelýän yşykdaky şöhleleri ölçemek bilen, beýniniň kislorod bilen üpjünçiligine gözegçilik edýär, Flux bolsa beýniniň işjeňliginiň belli bir yzygiderliliginde ýüze çykýan elektromagnit meýdanlaryny bir ýere jemleýär, diýip kompaniýanyň işgärleri düşündirýärler.

Hususan-da, neýroşlemleri insult geçiren ýa-da Parkinsonyň keseli diýip atlandyrylýan keselden ejir çekýän adamlaryň beýnisine gözegçilik etmek üçin ulanmagy meýilleşdirýärler. Şeýle-de olaryň kömegi bilen haçan-da adamlar täzeden ýöräp we gürläp başlanda, beýnide bolup gelýän hadysalar öwreniler.

Kelle beýnisiniň işjeňligini öwrenmek üçin niýetlenen başlangyç tehnologiýa eýýäm köp ýyldan bäri hereket edýär, ýöne oňa zerur bolan enjamlar tutuş bir otagy eýeleýär we onuň bahasy millionlarça dollara barabar.

Jonsonyň sözlerine görä, kompaniýa öz tehnologiýasyny edil smartfon ýaly ýönekeý we elýeterli görnüşe getirmegi göz öňünde tutýar.Telekeçi Kernel enjamynyň eýýäm 2030-njy ýyla çenli amerikanlaryň öýlerinde adaty zada öwrüljekdigine umyt bildirýär.

Ýene degişli makalalar

Hepdäniň täze animasiýalary
MMA-nyň russiýaly pälwany Nurmagomedow UFC 272-de amerikaly Kelleheri ýeňdi
Habib Nurmagomedow UFC-niň Şöhrat zalyna girizildi
Titanik gämisiniň ýolagçysynyň sagady 1,175 million funt sterlinge satyldy
Taýlandda tüwi gymmatlady
Tüwi gymmatlady