Sergeý Şoýgu Eýranda saparda bolýar

Sergeý Şoýgu Eýranda saparda bolýar

Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Sergeý Şoýgu şu gün Eýrana guraýan saparynda Eýranyň Milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Ekber Ahmediýan we Eýranyň Ýaragly güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy Muhammed Bageri bilen duşuşyklar geçirer.

Eýranyň prezidenti Mesud Pezeşkiýan hem Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Sergeý Şoýguny kabul eder.

Geçiriljek duşuşyklarda howpsuzlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklar, sebitleýin we halkara meselelerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi ara alynyp maslahatlaşylar.

Eýranyň prezidenti Mesud Pezeşkiýan ozal Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, Eýranyň oktýabr aýynda Kazan şäherinde geçiriljek BRIKS sammitinde Russiýa bilen giňişleýin strategik hyzmatdaşlyk ylalaşygana gol çekmäge taýardygyny habar beripdi.

IRNA tarapyndan berilen habara görä Pezeşkiýan: "Goňşymyz we dostumyz Russiýa bilen gatnaşyklarymyza uly ähmiýet berýäris we şol gatnaşyklary ösdüreris" diýip beýan edipdi.

Ýene degişli makalalar

Hamas: Tussaglara rehimsiz gynamalar uruş jenaýatydyr
Eýranyň Serhetleri Goňşular bilen Dostluk we Durnukly Howpsuzlyk Merkezi
Orsýetiň ýadro gepleşiklerinde Eýranyň kanuny hukuklaryny goldamagy
Eýrandaky çakdanaşa yssy howa dükanlaryň we döwlet edaralarynyň ýapylmagyna getirdi
Eýranyň prezidenti Ysraýyla duýduryş berdi
Strategiki meseleler boýunça wise-prezident bellendi