Serginlediji barada

Tomus paslynyň gelmegi bilen yzygiderli ulanylýan öý enjamlarynyň biri hem serginledijidir. Yssy howada öýleri, iş otaglaryny sowadyp jana rahatlyk berýän bu enjam barada nämeleri bilýäris?!

Hünärmenleriň bellemegine görä, serginledijiniň yzygiderli işledilmegi, ýagny howany dowamly çyglandyryp durmagy saglyk üçin zyýanly hasaplanýar.Serginledijiniň çygly howasy legionella atly bakteriýalaryň döremegine sebäp bolýar.Bu enjamyň yzygiderli ulanylmagy myşsa agyrylarynyň, kellagyrysynyň döremegine getirýär.

Serginledijiniň öňünde köp oturýan adamlarda dem alyş ulgamy, şeýle hem göz bilen baglanyşykly käbir keseller ýüze çykyp biler. Şol sebäpli bu enjamy her 3 sagatdan öçürip, howany çalyşmak arkaly gaýtadan işletmek maslahat berilýär. Şeýle hem hünärmenler serginledijini 22 derejeden pesde goýmagy maslahat bermeýärler.

Mümkin boldugyça bu enjamy otag gurşawyna, adamlaryň saglyk ýagdaýyna görä sazlamaly.

Serginledijiniň gysgaça taryhy

Şu ýyl bu enjamyň oýlanyp tapylanyna 121 ýyl dolýar.Amerikan inženeri Willis Kerriýer ilkinji bolup serginledijini oýlap tapýar.Ol 1902-nji ýylda kiçiräk sowadyjy ulgamyny döredýär. 1906-njy ýylda oýlap tapan enjamyna patent alýar.

Bu enjamy kämilleşdirmek esasynda 1913-nji ýylda kiçiräk otagy sowadyp bilýän serginledijini işläp düzýär. 1915-nji ýylda Carrier Engineering kompaniýasyny esaslandyran Kerriýer 1926-njy ýylda otag serginledijileriniň häzirkilere meňzeş täze görnüşini işläp düzýär. Şondan soň öýlerdir iş edaralarynda yssy howada otaglary sowatmak üçin serginledijiler ulanylyp başlanýar.

Serginledijileriň önümçiligine köpçülikleýin başlanmagy bilen teatrlar, söwda merkezleri ýaly köp adamly ýerler bu enjam bilen üpjün edilýär. 1939-njy ýylda awtoulaglarda hem ilkinji serginledijiler peýda bolup başlaýar.

Ýene degişli makalalar

Entoni Blinken BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde Merkezi Aziýanyň DIM-niň ýolbaşçylary bilen duşuşar
Ähli döwürleriň iň gowy komediýa aktýorlary yglan edildi
Bütindünýä ykdysady forumy öz işine başlady
Jim Kerri aktýorlyk kärini tamamlaýandygyny habar berdi
Türkmenistanda mukaddes Remezan aýy başlandy, harby gulluga ýazky çagyryş başlandy, Hindistanyň Prezidentiniň taryhda Türkmenistana ilkinji sapary we beýleki täzelikler
Britan premýer-ministriniň ýedinji çagasy dünýä indi