Seulda Ýun Sok Ýola we onuň maşgalasyna Türkmenistan tarapyndan sowgat berlen alabaýlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi

Seulda Ýun Sok Ýola we onuň maşgalasyna Türkmenistan tarapyndan sowgat berlen alabaýlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola we onuň maşgalasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgat berlen alabaý güjükleriniň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Bu alabaýlar Koreýa Respublikasynyň Prezidentine we onuň maşgalasyna şu ýylyň 11-nji iýunynda olaryň Türkmenistana amala aşyran döwlet saparynyň çäginde sowgat berlipdi.

Iki sany alabaý degişli halkara şahadatnamalary bilen birlikde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýew tarapyndan Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Kim Tae Jine gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär.

Alabaý güjüjekleri 18-nji iýunda amala aşyrylan göni howa gatnawy arkaly Aşgabatdan Seula eltildi.

Dabara Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň diwanynyň, Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, şeýle-de ýurduň abraýly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaradan soňra ilçi B.Durdyýew Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Kim Tae Jin bilen ikiçäk duşuşyk geçirdi. Duşuşykda koreý tarapy ýurduň Prezidentiniň hem-de Birinji hanymynyň Türkmenistana ama aşyran döwlet saparynyň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen diplomaty öz gezeginde bu saparyň Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine güýçli itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Ýene degişli makalalar

25-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Günorta Koreýa, ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky uçar dartgynlygy sebäpli ABŞ-na nägilelik bildirdi
Seulda 2026-njy ýylyň şygaryna we Türkmenistananyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi
Seulda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň DIM-leriniň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi
Seulda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen Merkezi Aziýa Koreýa Respublikasy hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy