SEWILÝANYŇ 6-njy ÇEMPIONLYGY

UEFA Ýewropa ligasynyň kubogyny Ispaniýanyň Sewilýa topary eýeledi.Andalusiýalylar Germaniýanyň Köln şäherindäki RheinEnergie stadionynda oýnalan finalda Interden 32 hasabynda üstün çykmagy başardy.Aýratynam, 1-nji ýarymy diýseň çekeleşikli geçen oýunda ilkinji bolup italýanlar hasaby açdy. 5-nji minutda niderland emini Danni Makkeleniň bellän penaltisini dürs uran Romelu Lukaku toparyny öňe çykardy. Ýöne ispanlaryň bu gola jogaby gijikmedi. 12-nji minutda niderland hüjümçi Luuk de Ýong hasaby deňledi.

Yzygiderli çykyş edýän En-Nesiriniň ornuna esasy düzümde başlan Luuk de Ýong tälimçisine nä derejede dogry netije çykarýandygyny subut edýän deý ol 33-nji minutda ýene bir gezek tapawutlandy. Ýöne 3 minutdan soň, ozal telim ýyllap Ispaniýada oýnan urugwaýly goragçy Diego Godin hasaby deňledi.

Bu 1-nji ýarymdaky soňky gol boldy.Oýnuň 2-nji ýarymynda çekeleşik azrak bolsa-da, toparlar wagtal-wagtal howply hüjümleri guradylar.Duşuşygyň 74-nji minudynda sag gapdaldan ýerine ýetirilen jerime urgudan soň, ispan topary öňe saýlandy. Şol pursatda Diego Karlosyň üstaşyr ýerine ýetiren urgusy Romelu Lukakunyň aýagyna degip derwezä girdi.

Belgiýaly hüjümçi topa degmedik bolan ýagdaýynda top meýdançanyň daşyna barýardy. Şondan soň, italýanlaryň hasaby deňlejek bolup eden tagallalary öz netijesini bermedi.Netijede, Sewilýa 32 hasabynda ýeňiş gazanyp, 6-njy gezek bu kubogy eýeledi.

Mundan ozal, 2006-njy, 2007-nji, 2014-nji, 2015-nji hem-de 2016-njy ýyllarda UEFA-nyň 2-nji derejeli kubogyny gazanan Sewilýa bu ugurda öz rekordyny täzeläp, 2-nji ýerdäki klublardan ep-esli arany açdy.

Ýene degişli makalalar

FIFA/FIFPro boýunça ýylyň simwoliki toparyna girmäge dalaşgär oýunçylar yglan edildi
Ronaldu nirä we näme üçin gitmek isleýär?!
Bu gün APL başlanýar. Çempion kim bolar?!
“Mançester Ýunaýted” 100 million ýewrolyk täze transferi bilen şertnama baglaşdy
Çelsi we Tuhel barada...
Holann het-trikleriň hökümdary