Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum: iň möhüm waka bolar

BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahaty (COP28) geljek ýylda Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriler. BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum bu maslahatyň 2023-nji ýylda ýurtda geçiriljek iň möhüm waka boljakdygyny tassyklady.

Golaýda Şeýh Mohammediň BAE-niň Hökümetiniň her ýylky maslahatynda çykyş edip, ýurtda geljek ýyl COP28-i guramagyň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi.Maslahatyň barşynda BAE-niň senagat we ýokary tehnologiýalar ministri, howanyň üýtgemeginiň meseleleri boýunça ýörite wekili Sultan bin Ahmed Al Jaber BAE-niň tutanýerliliginiň, dünýä ýurtlary bilen pugta diplomatik gatnaşyklarynyň hem-de energetika we durnukly ösüş pudaklarynda wagtyň synagyndan geçen tejribesi bilen berkidilen howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelerde eýeleýän pragmatik ugrunyň ýurda geçen ýylda 2023-nji ýylda COP28 maslahatyny geçirmek hakynda halkara ylalaşygyny gazanmaga mümkinçilik berendigini belledi.

Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylda COP28 ýurduň “Expo City Dubai” şäherçesinde geçirilip, ol BAE-niň Milli güni bilen gabat geler.Bu çärä ýokary derejeli wekiller, şol sanda, 140-dan gowrak ýurtdan döwlet we hökümet Baştutanlary, 80 müňden gowrak wekil, 5 müň töweregi köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşar.

Häzirki wagtda ýurtda bu iri çärä taýýarlyk işlerine badalga berildi.Taýýarlyga gözegçilik etmek maksady bilen, ýurduň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň ýolbaşçylygyndaky Ýokary komitet döredildi.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow “Dubai Aviation Corporation” kompaniýasynyň täjirçilik direktory bilen duşuşdy
Türkmenhowaýollary agentligi bilen Dubai Aviation Corporation kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi
Dubaýda ýylda 260 million ýolagça hyzmat edýän howa menzili gurlar
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti bilen gepleşik geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Dubaýda Dragon Oil kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmen halkynyň Milli Lideri Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutladylar