Seýrek gül açýan ösümlikler

Ýer ýüzünde gülleriň müňlerçe görnüşi bolup, her biriniň özüne mahsus aýratynlyklary bar. Gülleriň köpüsi ululygy bilen haýran galdyrsa, köpüsi owadanlygy bilen adamlaryň ünsüni çekýär. Käbirleriniň bolsa, gül açanyny görmek üçin ençeme ýyllap garaşmaly bolýar. Gadymy döwürlerden bäri alymlar bu gülleriň ösüş taryhyny öwrenip gelýärler. Geliň, seýrek gül açýan ösümlikleriň käbirleri bilen tanyş bolalyň!

Şeýle ösümlikleriň arasynda Andlaryň şa zenany has tapawutlanýar. Peruda we Boliwiýada duş gelýän bu ösümlik her 80-100 ýyldan gülleýär. Beýikligi 9 metre ýetýän gül kaktusa meňzeş bolup, bir baldakdan ybarat bolýar. Ösümligiň baldagynda ownujak güller bolup, olaryň sany 30 müňe ýetýär. Bu ösümlik ananaslary hem öz içine alýan bromeliad maşgalasynyň köp agzasy ýaly, gülländen soňra guraýar.

Agave amerikaana atly ösümlige asyryň güli diýilýär. Bu ösümlik ömründe diňe bir gezek gülleýär. 100 ýyl ýaşamaýan hem bolsa, Meksikanyň ýerli halky bu ösümlige ýüzýyllyk adyny beripdirler. Onuň ömri has gysga, 10-30 ýyl aralygynda bolýar. Bu ösümligiň başga bir görnüşi bolan Agave ocahui 25 ýyldan soňra gül açýar.

Titan arums ilkinji gezek gülleýänçä on ýyl gerek bolýar, käbirleri bolsa 7 ýylda gül açýar. Seýrek gülleýändigi sebäpli gül açan wagty bu ösümligi görmäge isleg bildirýänleriň sany köp bolýar. Bu ösümlik endemik bolup, tebigy ýagdaýda diňe Sumatra adasynda ösýär. Şeýle-de bolsa, dünýäniň beýleki ýerlerindäki botanika baglarynda ösdürilip ýetişdirilýär.

Kurinji atly ösümligiň ady gök depelikler diýmegi aňladýar. Sebäbi, bu ösümlik Hindistanyň günbatar bölegindäki baýyrlarda ösýär. 12 ýyldan bir gezek gül açýan ösümligi güllän wagty görmäge barýanlaryň sany köp bolýar. Tebigy ýagdaýda çalt köpelýän bu ösümlik güllän wagty onuň gögerip oturan depeleri gök-gyrmyzy reňke bürenýär.

Talipot palmasy Hindistan, Şri-Lanka, Kamboja, Mýanma, Tailand ýaly ýurtlarda we Hindistanyň Andaman adalarynda duş gelýär. Palmanyň bir görnüşi bolan ösümligiň boýy 25 metre ýetýär. Talipot palmasy dünýäde iň uly palma agajy hasaplanyp, 80 ýyldan gowrak ýaşaýan ömrüniň dowamynda bir gezek gülleýär. Onuň gülleri ak reňkde bolýar.

Gijäniň şa zenany kaktuslar maşgalasyna degişli bolup, bu gül ýylda bir gezek gülleýär. Oňa Tehasyň günbatar böleginde duş gelmek bolýar. Birbada seredilende gurap galan gyrymsy agaja meňzeýän bu ösümlik tomus paslynyň ortalarynda diňe bir gije ak reňkli gül açýar.

Corps gülünden çykýan ys örän ýakymly bolýar. Bu ys ösümligiň esasy tozanlaýjysy bolan tomzajygy özüne çekýär. Sumatranyň merkezindäki tropik tokaýlarda bitýän bu ösümlik 8-20 ýyldan bir gezek gülleýär. Bu gülüň täsin tarapy onuň uly bolmagydyr. Açylan gülüň ini 5 metre ýetýär. Ösümlik melewşe ýa-da goýy-gyrmyzy reňkli ýekeje gül açýar.

Goýun awlaýjy atly gülüň watany Çili bolup, bu tikenli ösümligiň goýunlary we guşlary özüne çekiji häsiýeti bar. Boýy 10 metre ýetýär. Onuň onlarça ýaşyl-sary güllerini görmek üçin 11 ýyla golaý wagt garaşmaly bolýar.

Gimalaý daglarynyň eteklerinde ösýän uly ösümlikleriň biri Äpet Gimalaý liliýasy diýlip atlandyrylýar. Ol 7 ýylda 10 metr beýiklige ýetýär hem-de surnaý şekilli ak-gyrmyzy gül açýar. Liliýanyň bu görnüşi güllemedik mahaly ýalpyldawuk ýaşyl ýaprakly bolýar. Ösümlik güllänsoň guraýar, ýöne gaýtadan ösmegi üçin birnäçe ownuk köklerini galdyrýar.

Ýene degişli makalalar

Gazy eksport ediji döwletleriň forumy Türkmenistanyň gurama agza bolmagyna gyzyklanma bildirýär
Güýçli guraklyk sebäpli Titikaka köli gurady
Amazon ýurtlarynyň ýygnagy
Argentina bilen Braziliýa taryhda 2-nji gezek 1 günde ýeňildiler
Braziliýanyň taryhynda ilkinji gezek
Kolumbiýa UNASUR guramasynyň düzümine ýaňadandan goşular
Kopa Amerika 2024-iň bijeleri çekildi, Argentina “A”, Braziliýa “D” toparçada çykyş eder