Sidneý uniwersitetinde ekrançylykda ulanmaklyk üçin niýetlenilen Ladybird roboty döredildi

Sidneý uniwersitetinde ekrançylykda ulanmaklyk üçin niýetlenilen Ladybird roboty döredildi

Ekerançylykda ulanylmaga niýetlenilen Ladybird atly täze robot Sidneý uniwersitetiniň professory Salah Sukkari tarapyndan döredildi. Bu barada Bereketli toprak gazetinde habar berilýär.

Ladybird roboty ekine gözegçilik etmek bilen bir hatarda tehniki kartalary düzmek işinde hem adamlara kömekçi bolup bilýär. Ösümlikleriň ösüşine we olara zyýan beriji mör-möjeklere gözegçilik etmek üçin bu robota birnäçe gurallar we Gün panelleri ýerleşdirilipdir.

Ladybird roboty meýdan-synag işlerinde elektrik energiýasy bilen üpjün edilmezden üç günüň dowamynda işläp biljekdigini görkezdi.Bu robotda meýdandaky haşal otlary aýyrmak üçin mehaniki gol hem oturdylypdyr.Professor öz oýlap tapan roboty arkaly geljekde ekinleriň hasylyny ýygnamaklygy meýilleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

Awstraliýada buthanalaryň birinde pyçakly hüjüm guraldy
Tim Szýu ýaponiýaly Inoueni ýeňip, WBO-nyň iki çempionlyk titulyna eýe boldy
M.K. Atatürk Awstraliýada Hatyralandy
29-njy Oktýabr Respublika Baýramy Dünýäniň Çar Tarapynda Bellenilip Geçilýär
Toronto—zenanlaryň ýaşaýşy we işlemegi üçin iň howpsuz şäher
Sidneý çäklendirmeleri gowşadýar