Silwester Stallone - alty onýyllykda filmleri kassa ýygymynyň öňüni çeken ilkinji aktýor

Silwester Stallone - alty onýyllykda filmleri kassa ýygymynyň öňüni çeken ilkinji aktýor

Silwester Stallone filmleri alty on ýyllygyň dowamynda kassa ýygymynda öňdebaryjy bolan ilkinji aktýor boldy. Munuň özi "Özüni heläklänler topary" filmi kassa ýygymyna liderlik edenden soň şeýle boldy diýip, şenbe güni daily.afisha.ru habar berdi.

Uruşganly film ilkinji dynç günleri 72,2 million dollar toplamagy başardy. Filmde ses aktýory hökmünde çykyş eden Stallone Akulalaryň şasy atly gahrymana ses berdi.

Ondan öň Stalloneniň gatnaşan “Rokki”, “Rokki-2”, “Rokki-3”, “Rembo: Ilkinji gan”, “Rembo: Ilkinji gan 2”, “Rokki 4”, “Kobra”, "Oskar", "Gaýa dyrmaşyjy", "Ýumrujy", "Hünärmen", "Baş bermezekler" ýaly filmleri kassa ýygymynda öňdebaryjy bolupdy.

Stallone jemi 46 filmiň üstünde işledi. Şolardan ýigrimisi kassa ýygymynda birinji orny eýeledi. 2010-njy ýylda Stallone yzly-yzyna bäş onýyllygyň dowamynda filmlerde şeýle üstünlik gazanan ilkinji aktýor bolupdy.

Ýene degişli makalalar

“Real”“Ýunaýted” 11-nji gezek
“REAL MADRID” kuboklary yzly-yzyna gazanýar
IŇLIS KLUBLARY ÇÄRÝEK FINALYŇ BOSAGASYNDA
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
Geçiler nädip daga dyrmaşýarlar?
Futbol täzelikleri