Siriýa temaly Astana gepleşikleri başlady

Siriýa temaly Astana gepleşikleri başlady

Türkiyäniň, Russiýanyň we Eýranyň kepilliginde döredilen Siriýa temaly 22-nji Astana gepleşikleri Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde başlady.

Gepleşikler 2 gün dowam eder.

Gazagystanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanata görä, gepleşikleriň birinji gününde wekiliýetleriň arasynda ikitaraplaýyn we üçtaraplaýyn geňeşmeler geçiriler. Ikinji gün bolsa umumy maslahat geçiriler we metbugat ýygnagygy guralar.

Siriýa krizisine çözgüt tapmak maksady bilen emele getirilen Astana gepleşikleriniň 22-njisinde Siriýanyň töweregindäki sebit ýagdaýy, ýurtda giňişleýin çözgüt üçin tagallalar, ýurtdaky ynsanperwer we häzirki ýagdaý, taraplaryň arasynda ynamy artdyrýan çäreler, Siriýanyň täzeden dikeldilmegi we siriýaly bosgunlaryň öz watanlaryna dolanyp barmak şertleri ýaly meseleler maslahatlaşylar.

Iň soňky Astana gepleşikleri, şu ýylyň 24-25 ýanwar aralygynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilipdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Astana döwlet saparyny amala aşyrar
Trampyň Merkezi Aziýa liderleri bilen duşuşygyndan näme garaşmaly?
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Türkmenistanyň Prezidenti Astana bardy
Türkmen talyby “Türki halklarynyň iň gowy talyby” atly halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa — Italiýa birinji sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa — Italiýa birinji sammitindäki çykyşy