Siriýa Temaly Maslahat Moskwada Öz Işine Başlady

Siriýa Temaly Maslahat Moskwada Öz Işine Başlady

Türkiýäniň, Russiýanyň, Siriýanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde geçirilýän Siriýa temaly maslahat Russiýanyň paýtagty Moskwada öz işine başlady.

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Segeý Lawrowyň açylyş çykyşy bilen başlan maslahatda türk resmi wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Burak Akçapar ýolbaşçylyk edýär.

Maslahatda Russiýanyň adyndan döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Ýakyn Gündogar we Afrika boýunça ýörite wekili Mihail Bogdanow, Eýranyň adyndan Daşary işler ministriniň syýasy işler boýunça kömekçisi Ali Asgar Hajy, Siriýanyň hökümetiniň adyndan Daşary işler ministriniň orunbasary Eýmen Susan gatnaşýar.

Diplomatik töwerekleriň berýän maglumatyna görä, Moskwa gepleşiklerinde 4 ýurduň daşary işler ministriniň arasynda geçirilmegine garaşylýan maslahat üçin taýarlyklar seljerler.

Taraplar, ministrleriň haýsy gün tertibi bilen jemlenişjekdigini we hyzmatdaşlyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşar.

Maslahat metbugata ýapyk häsiýetinde geçirilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly oglanlar tennis boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatyna ýeňiş bilen başladylar
Ispaniýanyň ikinji çempionlygy
Russiýaly ussat pianinoçy Ýuriý Bogdanow Aşgabatda çykyş etdi
09.01.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: medeniýet ulgamy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: medeniýet ulgamy
Sportuň taryhynda şu gün 18-nji awgust
Russiýa Katar bilen syýahatçylyk gatnawlaryny täzeden başlaýar