Siriýada hüjüm guramak üçin taýarlyk görýän DEAŞ terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirildi

Siriýada hüjüm guramak üçin taýarlyk görýän DEAŞ terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirildi

Siriýanyň Içeri işler ministrligi, ýurduň kenarýaka sebitinde hüjüm guramak üçin taýarlyk görýän DEAŞ terrorçylarynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini habar berdi.

SANA habarlar gullugunyň berýän habaryna görä, Latakiýaly serkerde Abdulaziz Hilal Al Ahmad, duşenbe agşamy şäheriň demirgazygynda ýerleşýän Badrousied sebitinde terror öýjüklerine garşy operasiýanyň geçirlendigini aýtdy.

Hilal Al Ahmad, DEAŞ bilen arabaglanşykly terror öýjüginiň Siriýanyň kenarýaka ebitinde terrorçylykly hüjüm guramagy meýilleşdirendigini belledi.

Howpsuzlyk güýçleri bilen DEAŞ-ly terrorçylaryň arasynda bolan çaknyşykda 2 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini aýdan Al Ahmad, tussag edilenleriň sany hakynda bolsa maglumat bermedi.

Terrorçylar bilen bolan çaknyşykda howpsuzlyk güýçlerinden bir adamyň agyr ýaralanandygy bellenildi.

Operasiýada dürli görnüşli ýarag we ok-däri ele geçirildi.

Başar Asadyň 2024-nji ýylyň ahyrynda agdarylmagyndan soň Siriýanyň täze hökümeti ýurtda howpsuzlygyň ýola goýulmagy üçin uly tagalla edýär.

25 ýyldan bäri häkimiýetiň başynda bolan Başar Asad, dekabr aýynda Russiýa gaçyp gidipdi.

Ýurtda ýanwar aýynda Prezident Ahmed Şaranyň ýolbaşçylygynda wagtlaýyn hökümet gurulýar.

Ýene degişli makalalar

Siriýanyň hökümeti terror guramasy DEAŞ-a garşy göreşini dowam etdirýär
Milli Howpsuzlyk Gullugy möhüm operasiýa geçirdi
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar
Türkiyede uly göwrümli zamun çalşygy amala aşyryldy
5-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti