Skandinaw ýörişiniň peýdasy

Skandinaw ýörişi adaty ýörişlerden tapawutlylykda bedeniňdäki myşsalaryň 80 göterimini herekete getirýär. Ýörite ýasalan taýaklar arkaly ýerine ýetirilýän bu ýöriş ilkinji gezek 1979-njy ýylda fin Mauri Reponyň başlangyjynyň esasynda resmi ady bilen ulanylyp başlandy.

Şeýle taýaklara sportuň beýleki görnüşlerinde duş gelsek hem skandinaw ýörişi üçin niýetlenen taýaklar Exel kompaniýasy tarapyndan 1997-nji ýylda öndürilip başlandy. Skandinaw ýörişi söz düzüminiň ýaýramagyna we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň arasyna girmegine bu kompaniýanyň alyp baran marketing maksatnamasy aýratyn goşant goşdy.

Ulanylýan taýaklaryň ujy iki görnüşde bolýar. Olaryň biri asfaltda ulanmaga niýetlenen bolsa, beýlekisi dag-baýyr ýaly ýolsuz ýerler üçin göz öňünde tutulandyr.

Skandinaw ýörişi ýerine ýetirilende bedeniň agramly bölegi hereket edýär. Taýaklar ulanylanda döreýän basyş arkaly adaty ýörişde täsirlenmeýän döş, egin, oňurga we garyn myşsalary herekete geçýär. Şeýlelikde, skandinaw ýörişiniň dowamynda sarp edilýän energiýa taýaksyz ýörişe garanyňda 46 göterim ýokarlanýar.

Esasan hem, uly ýaşlylar üçin peýdaly endikleriň biri bolan skandinaw ýörişi myşsalary güýçlendirip, özüňi ýeňil duýmagyňa ýardam berýär. Bu ýöriş ýürek urşuny kadalaşdyryp, bedeniň deňagramlylygyny ýokarlandyrýar, şeýle hem boýun agyrylaryny azaldýar.

Jennet Sopyýewa,

Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Iň bagtyýar Ýaşlar Skandinaw Ýurtlarynda…
Iňlis futbol kluby agaçdan dünýäde ilkinji döwrebap stadiony gurar
Iň yssy ýyl aýan boldy
Daşary ýurt metbugatyna syn
Soňky 146 ýyldaky iň maýyl ýyl
Näme üçin Täze ýylda arça bezelýär?